Ho­wa­nyň aşa ys­sy gün­le­rin­de suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak üçin su­w bi­len bir­ hatarda, mi­we­dir gök önüm­ler­den, şeý­le-de, ter gök ot­lar­dan taýýarlanan dür­li iç­gi­ler hem-de şer­bet­ler içilýär. Şo­la­ryň bi­ri hem hoş­boý ysy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan reý­han­ şer­bet­idir. Reý­han şer­be­ti öz göz­ba­şy­ny XV asyr­dan alyp gaýd­ýar. Os­man­ly­lar döw­rün­de meş­hur içim­lik­le­riň bi­ri­ne öw­rü­len reý­han şer­be­ti sag­ly­ga peý­da­ly­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. A, C wi­ta­mi­ni­ni, kal­siý we mag­niý ýa­ly mi­ne­ral­la­ry özünde jem­leýän reý­han şer­be­ti­niň dü­zü­min­de az muk­dar­da sü­ýüm, be­lok, ug­le­wod­lar we şe­ker bar. Esa­san, ýaz we to­mus pa­syl­la­ryn­da içil­ýän bu şer­bet suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýär.

Iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­ny be­jer­ýär. Reý­han­dan taý­ýar­la­nan şer­bet iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na oňaý­ly tä­sir edip, aş­ga­zan ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga we be­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Çiş­me­giň we ýel­len­me­giň öňü­ni al­ýan bu içim­lik mik­rob­la­ra gar­şy gö­re­şip, içe­ge­le­ri zy­ýan­ly mik­ro­or­ga­nizm­ler­den go­ra­ýar. Iý­mit siň­di­riş ul­ga­myn­dan ejir çek­ýän adam­la­ra reý­han şer­be­ti­ni iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.