
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Amerikany Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak resmi saparynyň senesini mälim etdi. Onuň beren maglumatyna görä, hytaýly lideriň ABŞ-a sapary şu ýylyň 24-nji sentýabrynda başlanar.
Waşingtonda geçirilen çäräniň dowamynda çykyş eden ABŞ-nyň Prezidenti: «Prezident Si 24-nji sentýabrda gelýär» diýip belledi.
Bu sapar iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň çäginde möhüm ädim bolup durýar. Waşington Hytaýyň ýolbaşçysynyň 2026-njy ýylyň güýzünde jogap saparyny amala aşyrmagyna umyt baglaýar. Tramp 14–15-nji maý aralygynda Pekine sapar edipdi.
Keywords