
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili mugallymlary we ony öwrenýän talyplar üçin onlaýn-seminar geçirildi.
Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň Gumanitar we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň dosenti Hidaka Sinsuke «Ýapon diliniň düşüm ulgamyny okatmagyň usulyýeti» diýen temada okuw maslahatyny geçirdi.
Seminaryň dowamynda ýaponiýaly hünärmen institutynyň mugallymlaryna ýapon dilini okatmagyň aýratynlyklaryna we onuň düşüm ulgamynyň işjeňligine bagyşlanan ylmy-usulyýet işläp taýýarlamalaryny hödürledi.
Ýokary okuw mekdebiniň talyplary okatmagyň döwrebap çemeleşmeleri baradaky söhbetdeşliklere işjeň gatnaşyp, özleriniň ýokary derejeli taýýarlyklaryny we dili bilýändiklerini görkezdiler.
Institutynyň ýaponiýaly lingwist-mugallymy Iwai Ýufu bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň ýapon dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmasy barha artýar, bu bolsa türkmen-ýapon gumanitar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde möhüm şert bolup hyzmat edýär.
Ýokary okuw mekdebinde geçirilen seminar Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge, okatmaga we wagyz etmäge goşant goşan nobatdaky ikitaraplaýyn çäre boldy.
Bu çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Tsukuba uniwersitetiniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk we akademiki alyş-çalyş hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde amala aşyryldy.
Keywords