
Aşgabadyň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli guralan dabaraly konsert geçirildi. Bu çäre türki dilli halklaryň arasyndaky taryhy we ruhy bitewüligi berkitmekde, medeni diplomatiýany ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.
Dabarada Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň opera sungatynyň görnükli ussatlary çykyş etdiler. Konsertiň maksatnamasy özüniň baýlygy we köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy.
Häzirki döwürde Türkmenistan abraýly halkara guramalar, aýratyn-da TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýar. Bu çäre ýurdumyzyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen konsert diňe bir sungat baýramy bolman, eýsem, halklaryň arasyndaky parahatçylygyň, dostlugyň we özara ynanyşmagyň dabaralanmasy hökmünde häsiýetlendirildi.
Dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň «Türkmenistan — bagy-bossan» diýen aýdymy bilen başlandy. Konsertiň soňunda bolsa ähli gatnaşyjylar bilelikde «Funikuli funikula» atly meşhur eseri ýerine ýetirdiler. Bu özboluşly jemleýji çykyş türki halklaryň agzybirliginiň we dostlukly gatnaşyklarynyň senasy bolup ýaňlandy.
Çärä gatnaşyjylar medeniýet ulgamynyň ösmegine we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna döredilen giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Keywords