
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän «Turkmentextile Expo – 2026» halkara dokma sergi-ýarmarkasyna baryp gördi.
Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew halkara sergä gatnaşýan doganlyk Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýörite sergi diwarlyklaryna aýlanyp gördüler. Şeýle hem belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň diwarlyklaryna baryp, şol ýerde öndürilýän ýokary hilli türkmen dokmasynyň naýbaşy önümleri bilen ýakyndan tanyşdy.
Saparyň dowamynda Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda ekologik taýdan arassa ýerli pagta çig malyndan öndürilýän taýýar önümlere örän ýokary baha berdi. Ol sergi diwarlyklarynyň her birinde saklanyp, milli brendlerimiziň döwrebap öndüriliş aýratynlyklary we daşary ýurt bazarlaryndaky orny bilen gyzyklandy.
Öz ýanyndaky ýokary wezipeli wekiliýetiň agzalary bilen bilelikde, Jewdet Ýylmaz türkmen pagtasyndan, ýokary hilli türkmen ýüpliginden hem-de nepis ýüpekden dokalan dokma önümlerine, taýýar egin-eşiklerine we dürli matalaryna haýran galandygyny aýratyn belledi.
Şeýle hem, belent mertebeli türk myhmanlary dünýä belli türkmen haly önümleriniň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdylar we Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň (telekeçileriniň) öndürýän döwrebap harytlaryna, olaryň hünär ussatlygyna uly gyzyklanma bildirdiler.
Keywords