
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Martin Bruk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda täze bellenen diplomat ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ministr Raşid Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürmekde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Martin Bruk bolsa mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin möhüm itergi bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa amala aşyran resmi saparynyň strategik ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda aşakdaky meselelere aýratyn üns berildi:
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-italýan dialogynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Keywords