Türkmenistanyň ýaş küştçüsi Lala Şöhradowa Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli küştçiler we gyzlar arasynda Aziýa çempionatynda rapid boýunça altyn medal gazandy.

16–26-njy awgust aralygynda geçirilýän yklym birinjiliginde nusgawy küşt, rapid we blis ugurlary boýunça bäsleşikler guralýar. Ýaryşyň guramaçylarynyň maglumatlaryna görä, çempionata 10 ýurtdan 157 türgen gatnaşýar.

Gyzlaryň arasyndaky rapid ýaryşynda 60 küştçi çykyş etdi. Türkmenistanyň adyndan Lala Şöhradowa bilen birlikde Leýla Şöhradowa, Jahan Rejepowa we Mähri Agamyradowa hem bäsleşdiler.

Rapid boýunça ýaryş 7 tapgyrdan ybarat bolup, Lala Şöhradowa mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplady. Şol bir netijäni Hindistanyň wekili Pratitee Bordoloi hem görkezdi. Ýöne goşmaça görkezijiler türkmen küştçüsiniň peýdasyna bolup, altyn medal Lala Şöhradowa gowşuryldy.

Türkmen türgeni ýaryşda durnukly çykyş edip, aýratyn-da soňky tapgyrlarda möhüm ýeňişleri gazandy. Şeýlelikde, ol Aziýanyň iň güýçli ýaş küştçüleriniň arasynda rapid boýunça birinji orny eýeledi.

Lala Şöhradowa üçin bu çempionatdaky ilkinji medal däl. Ol ýaryşyň blis bäsleşiginde hem kümüş medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekili Mumbaýdaky Aziýa çempionatynda häzirki wagtda bir altyn we bir kümüş medalyň eýesi boldy.

Lala Şöhradowa häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýar. Ol Türkmenistanyň zenanlar küştünde hem öňdebaryjy türgenleriň biridir. 2026-njy ýylyň başynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň zenanlar çempionatynda hem ýeňiş gazanyp, milli çempionlyk derejesini gaýtadan eýeledi.

Mumbaýda Aziýa çempionatynyň nusgawy küşt boýunça esasy bäsleşigi hem dowam edýär. Bu ugurda 9 tapgyrlyk şweýsar ulgamy boýunça geçirilýän duşuşyklaryň netijesinde ýeňijiler kesgitlener. Ýaryşda FIDE-niň halkara atlary ugrunda hem göreş alnyp barylýar.

Lala Şöhradowanyň gazanan altyn medaly Türkmenistanyň ýaşlar küştüniň halkara derejesindäki üstünlikleriniň nobatdaky beýany boldy.