Türkmen oba hojalyk instituty 2026–2027-nji okuw ýylynyň birinji ýarymy üçin birnäçe boş pedagogik wezipä hünärmenleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik geçirýändigini habar berdi.

Bäsleşik boýunça iňlis dili, rus dili, agroekologiýa, weterinariýa, programma üpjünçiligi we oba hojalyk tehnikalary boýunça hünärmenler işe çagyrylýar.

Boş wezipeler boýunça aşakdaky ýerler hödürlenýär:

  • Iňlis dili mugallymy — 1 orun, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy;

  • Rus dili mugallymy — 1 orun, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy;

  • Agroekolog mugallymy — 1 orun, Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy;

  • Weterinar lukmany mugallymy — 3 orun, Maldarçylyk hem-de mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasy;

  • Programmaçy-inžener mugallymy — 3 orun, Kompýuter tehnologiýasy kafedrasy;

  • Inžener-mehanik mugallymy — 3 orun, Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasy.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärlerden degişli resminamalary tabşyrmak talap edilýär. Olaryň hatarynda institutyň rektorynyň adyna ýazylan arza, ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy, hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, soňky iş ýerinden häsiýetnama, şahsy iş kagyzy, zähmet depderçesiniň nusgasy hem-de pasportyň nusgasy bar.

Bäsleşik arkaly täze hünärmenleriň işe çekilmegi ýokary bilim ulgamynda degişli ugurlar boýunça hünärli mugallymlaryň hataryny giňeltmäge we okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.