Rumyniýa 2027–2028-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň raýatlary üçin 107 sany talyp hakyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal 27-nji noýabrda Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen resmi kabul edişlikde mälim etdi.
Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maliýe we ykdysadyýet ministri, ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mämmetguly Astanagulow gatnaşdy.
Ilçi öz çykyşynda bilim ulgamynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Onuň bellemegine görä, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň bilim ministrlikleriniň arasynda hereket edýän hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlary üçin bölünip berilýän talyp haklarynyň sany ep-esli artdyryldy.
Ion Nawal 2027–2028-nji okuw ýyly üçin türkmen talyplaryna 107 sany talyp hakynyň bölünip beriljekdigini yglan edip, soňky ýyllarda Rumyniýada bilim almaga gyzyklanma bildirýän türkmenistanly ýaşlaryň sanynyň artýandygyny belledi. Şeýle hem ol Rumyniýanyň daşary ýurtly talyplara ýokary hilli akademiki gurşawda bilim almak üçin giň mümkinçilikleri hödürleýändigini aýtdy.
Talyp haklarynyň sanynyň artdyrylmagy iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, ýaşlaryň halkara bilim giňişligine goşulyşmagyna hem-de hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegine ýardam eder. Şeýle mümkinçilikler türkmen ýaşlaryna daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, gazanan tejribelerini geljekde ýurduň ösüşine gönükdirmäge şert döredýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.