2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Alla Berdi Aşyrow we Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbannyrat Mezilow Italiýanyň Neapol şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Apple Developer Academy akademiýasyna baryp, Neapol şäherindäki Frederik II adyndaky uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Akademiýanyň ylmy direktory, professor Jorjio Wentre myhmanlary okuw maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde talyplar programmirleme başarnyklaryny iş ýüzünde özleşdirip, öz mobil goşundylaryny döredýärler. Türkmen wekiliýeti hem ýurtda sanly tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, inženerçilik tehnologiýalary we robototehnika babatda işlenip düzülen taslamalar barada maglumat berdi.

Duşuşykda programmistleri we kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri bilelikde taýýarlamak, şeýle hem akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak mümkinçiliklerine garaldy. Professor Jorjio Wentre türkmen wekiliýetine akademiýanyň okuw otaglaryny görkezip, bu ýerde taslama esasly bilim beriş işleriniň nähili guralýandygy barada gürrüň berdi.

Apple Developer Academy «Apple» kompaniýasy bilen Frederik II adyndaky Neapol uniwersitetiniň bilelikdäki başlangyjy esasynda döredilip, Ýewropada programma üpjünçiligini işläp düzüjileri we IT hünärmenlerini taýýarlaýan ilkinji hem-de ýeke-täk şeýle merkez hökmünde tanalýar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Frederik II adyndaky uniwersitetiň prorektory, professor Nikola Bianko bilen hem duşuşdy. Gepleşiklerde, ilkinji nobatda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, akademiki alyş-çalyşlary guramak we bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de uniwersitetiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Italiýa tarapy türkmen wekillerini özleri tarapyndan geçirilýän ylmy maslahatlara, simpoziumlara we olimpiadalara gatnaşmaga çagyrdy.

1224-nji ýylda imperator Frederik II tarapyndan esaslandyrylan Neapol uniwersiteti dünýäniň iň gadymy döwlet uniwersiteti hasaplanýar. Häzirki wagtda onuň düzüminde 26 bölüm bolup, bu ýerde 80 müňden gowrak talyp bilim alýar we 2,5 müňden gowrak mugallym zähmet çekýär.