Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly breýn-ring bäsleşigi geçirildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň guramagynda geçirilen intellektual bäsleşikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary birinji orna mynasyp boldy.
Jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň toparlary duşuşdy. Dartgynly geçen final oýnunda maliýe institutynyň talyplary soňky sowala garşydaşlaryndan has çalt we dogry jogap berip, 6:5 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Bäsleşigiň üçünji ornuny Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary eýelediler.
Intellektual bäsleşige ýurdumyzyň 17 sany ýokary okuw mekdebinden talyplar gatnaşdy. Oýunlar toparlaýyn tapgyrdan başlap, çärýek final, ýarym final we jemleýji duşuşyk görnüşinde geçirildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.