Indoneziýanyň Bali şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Bütindünýä ýaş fizikleriň olimpiadasynda (World Young Physicists Olympiad — WYPO-2026) türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, jemi 13 medala mynasyp boldular. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
Halkara bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Olimpiadada Türkmenistanyň wekilleri bilen birlikde Malaýziýa, Indoneziýa, Tailand, Meksika, Gazagystan, Rumyniýa, Gwatemala, Mýanma, Wýetnam we Filippinler ýaly ýurtlaryň 41 ýokary okuw mekdebinden 200-e golaý talyp özara bäsleşdi.
Bäsleşigiň şahsy hasaby boýunça türkmen talyplary 3 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.