Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Türkiýäniň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersitetiniň — Özbegistandaky «Green University» ýokary okuw mekdebiniň rektory, professor Bahtiýor Pulatow bilen duşuşdy. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
Duşuşykda ekologik bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşyl ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek we durnukly ösüşe gönükdirilen döwrebap bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jumamyrat Gurbangeldiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik başlangyçlary esasynda ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berdi. Şunda ýaş nesliň ekologik medeniýetini ösdürmek, ylmy-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, howanyň üýtgemegine durnuklylyk, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ýaşyl tehnologiýalar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Lideriniň COP31 Liderler sammitinde öňe süren halkara başlangyçlaryna üns çekildi. Olaryň hatarynda Aşgabat howa dialogyny döretmek, Howanyň üýtgemeginiň sanly atlasyny işläp taýýarlamak we howa tehnologiýalaryny hödürlemek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklipler bar.
Duşuşykda 2027-nji ýylda işe başlamagy meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti hem nygtaldy. Bu merkeziň döredilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda COP31-iň çäklerinde bilim ministriniň gol çeken Çagalar, ýaşlar we howa hereketleri baradaky Jarnamasyna goşulandygy bellenildi. Bu ädim howa meseleleriniň çözgüdinde bilimiň we ýaşlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça ýurduň alyp barýan işleriniň bir bölegi hökmünde görkezildi.
Öz gezeginde professor Bahtiýor Pulatow «Green University» uniwersitetiniň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Ol ýokary okuw mekdebiniň durnukly ösüş, ekologik dolandyryş, ýaşyl we aýlawly ykdysadyýet, howa barlaglary hem-de tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda ýöriteleşen sebit ylmy-bilim merkezi bolup durýandygyny belledi.
Taraplar bilelikdäki bilim maksatnamalaryny taýýarlamak, akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we amaly ylmy barlaglary geçirmek meselelerine hem garadylar. Şeýle-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda suw serişdelerini dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek, geoinformasion tehnologiýalary ulanmak we ykdysadyýetiň ekologik taýdan durnukly ösüşi üçin hünärmenleri taýýarlamak görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň bilim we ylmy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de ekologik bilim we ylmy barlaglar boýunça bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.