
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilen interaktiw duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýaşlar üçin ýörite guralýan «Ýaşlar we sanly özgeriş: durnukly ösüş üçin innowasiýalar» atly okuw çäreler toplumynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan bu gezekki duşuşyk howa çalşygy, ýer we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de bioköpdürlüligi gorap saklamak ýaly möhüm ulgamlarda sanly innowasiýalaryň ornuna bagyşlandy.
Okuw sessiýasynyň dowamynda ýerli bilermenler hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasy (ÄEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän Aral sebiti boýunça taslamanyň hünärmenleri çykyş etdiler. Olar bioköpdürlüliğe gözegçilik etmekde, aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmakda we ekologiýa taslamalaryny amala aşyrmakda innowasion hem-de sanly tehnologiýalary ulanmagyň amaly usullaryny tanyşdyrdylar. Şeýle hem ýaşlara durnukly ösüş ugrunda açylýan täze hünär mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Sowal-jogap we açyk söhbetdeşlik görnüşinde geçen çärede talyplar uly işjeňlik görkezdiler. Ýaşlar sanly çözgütleriň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM), aýratyn-da, ekologiýa durnuklylygyna we ykdysady ösüşe ýetirýän oňyn täsirleri barada özara pikir alyşdylar.
BMGÖM bu ýaly döwrebap başlangyçlar arkaly türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmegi, olaryň sanly başarnyklaryny ösdürmegi hem-de innowasion ideýalary öňe sürüp, has durnukly geljegi gurmaga ruhlandyrmagy maksat edinýär.
Keywords