
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara bilim giňişliginde özleriniň döwrebap ylymlardan baýdygyny nobatdaky gezek subut etdiler. Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ekologiýa howpsuzlygy» atly halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Russiýanyň Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan guralan bu abraýly bäsleşikde institutyň 2-nji ýyl talyplary S. Hojaniýazowa we R. Miriýewa özleriniň çuňňur bilimlerini görkezip, ikinji orny eýelemegi başardylar. Talyplaryň bu halkara derejesindäki üstünliginde institutyň bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy, ylmy ýolbaşçy H. A. Kazakowanyň uly hyzmaty bar.
Gazanylan bu ýeňiş mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetinde dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda halkara arenasynda ýurdumyzyň abraýyny belende göteren talyp gyzlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýokary okuw mekdebindäki ilkinji guramasy tarapyndan ýörite ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu ýeňiş ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleriň, talyplaryň ylmy-barlag işlerine höweslendirilmeginiň aýdyň netijesidir. Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurda ýeňiji bolmagy, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ylmy esasly oba hojalygyny ösdürmek ugrunda ýetişýän ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Amul Info redaksiýasy ýeňiji talyplary we olaryň ylmy ýolbaşçysyny gazanylan üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
Keywords