Lebap.biz saýtynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň 1–10-njy noýabry aralygynda Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri ýaryşynyň ikinji tapgyry geçirildi. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 181 türgen gatnaşdy.

Dokuz tapgyrdan ybarat bolan ýaryşda küştçüler şahsy we toparlaýyn hasaplarda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşikde alty ýaşly çagalardan başlap, 18 ýaşa çenli türgenler öz başarnyklaryny görkezdiler. Açyk kategoriýada 125, zenanlaryň arasynda bolsa 56 küştçi çykyş etdi.

Açyk kategoriýada Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy, sport ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýew üstünlikli çykyş etdi. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ikinji orny 7,5 utuk bilen Ilhan Çaryýew eýeledi. FIDE ussady Mergen Kakabaýew bolsa 7 utuk bilen üçünji orna mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Mary welaýatynyň wekili Jennet Ýalkanowa 8 utuk toplap, birinji orny eýeledi. «Küşt älemi» akademiýasynyň türgeni Nurana Soýunowa hem 8 utuk bilen kümüş medala mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň wekili Mähri Agamyradowa bolsa bürünç medal gazandy.

Ýaryşyň çäklerinde ýedi ýaş topary boýunça hem iň güýçli küştçüler kesgitlendi. Oňa gatnaşan ýaş türgenler özleriniň taýýarlyk derejesini we küşt başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar.