
Taslama “Lebap awtoulag” önümçilik birleşigi bilen “Awtomobil Ulag Hyzmaty” AGPJ tarapyndan amala aşyryldy. Maksat — şäher içindäki ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we ýolagçylara çalt hem-de amatly gatnaw mümkinçiliklerini döretmek.
Täze hyzmat awtomatlaşdyrylan habar beriş ulgamy bilen üpjün edilendir: müşderiler sargyt tassyklanan badyna we ulagyň gelip ýetjek wagty baradaky maglumatlary SMS arkaly alýarlar. Bu ulgam ýolagçylaryň wagtyny tygşytlamaga we hyzmatyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu başlangyç Aşgabatda üstünlikli synagdan geçirilip, oňyn netijeler berenden soň, häzirki wagtda Lebap welaýatynda hem ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, “Onlaýn taksi” hyzmatynyň giňeldilmegi, sebitleýin transport infrastrukturasynyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Sargyt üçin: 0655
Keywords