
Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda, aýratyn hem nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçün Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan toplumlaýyn işler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna saldamly goşant goşýar.
Bu ugurda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) aýratyn tapawutlanýar. Kärhananyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, täze gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi we önümçilige innowasion, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilýän möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa ekologik taýdan arassa we dünýä standartlaryna laýyk gelýän bäsleşige ukyply önümleriň uly tapgyryny öndürmäge ýol açdy.
Häzirki hasabat döwrüniň netijeleri hem kärhananyň ýokary öndürijilikli zähmet çekýändigini subut edýär. Geçen döwürde toplum boýunça nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Şunda awtomobil benzinini öndürmek boýunça bellenilen meýilnama 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek meýilnamasy bolsa 108,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de, çalgy ýaglarynyň önümçiligi 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazyňky 122,1 göterim hem-de tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,7 göterim amala aşyryldy.
Öndürilýän ýokary hilli nebit önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarlarda hem isleg barha artýar. Ýakyn we uzak geljege gönükdirilen täze taslamalar zawodlar toplumynyň kuwwatyny has-da berkitmäge durnukly esas döredýär. Şu günler hem TNGIZT-niň agzybir işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk taryhy senesini mynasyp önümçilik görkezijileri bilen garşylamak üçin gije-gündiz zähmet çekýärler.
Keywords