
«Türkmengazüpjünçilik» birleşigi ýurdumyzda sarp edilýän tebigy gaz üçin elektron hasaplaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, sanly ulgam boýunça degişli işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda birleşigiň merkezi edara binasynda «Ynamly Belentlik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Hasabat merkezi» serwer ulgamy döredilip, ol «Aşgabatgaz» we welaýat gaz üpjünçilik müdirlikleriniň merkezlerinde internet toruna birikdirildi.
Ýurdumyzyň çäginde tebigy gazy sarp edýän müşderiler üçin sanly ulgam arkaly aşakdaky töleg mümkinçilikleri ýola goýuldy:
Bu sanly özgertmeler ilata sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleri döwrebap, çalt we ygtybarly usulda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Keywords