«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan güýje giren gyşky uçuş tertibine laýyklykda, birnäçe halkara ugur boýunça gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrdy.

Awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda çap edilen uçuş tertibine görä, Aşgabatdan Günorta Koreýanyň Seul şäherine amala aşyrylýan gatnawlaryň sany hepdede birden iki gezege ýetirildi. Italiýanyň Milana şäherine uçuşlar hepdede iki gezekden üç gezege, Russiýanyň Kazan şäherine gatnawlar bolsa dört gezekden alty gezege çenli artdyryldy.

Şeýle hem, Aşgabat bilen Türkiýäniň Stambul şäheriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň ýygylygy ýokarlandyryldy. Ozal hepdede 12 gezek amala aşyrylan uçuşlaryň sany indi 13 gezege ýetirildi.

Bu üýtgeşmeler halkara howa gatnawlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga we daşary ýurtlar bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Täze gyşky uçuş tertibi ýolagçylara halkara ugurlary boýunça syýahatlaryny has amatly meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.