Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we häzirki zaman bilim usullaryny ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk täze ugurlar bilen ösdürilýär. Şunuň çäklerinde Meksikanyň Guanahuatо uniwersitetiniň professory Kennet Rihter Aşgabatda we Türkmenabatda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin iňlis dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirdi.

30 ýyldan gowrak wagt bäri Aziýanyň we Amerikanyň dürli ýurtlarynda mugallymçylyk işi bilen meşgullanýan professor Kennet Rihteriň Türkmenistana sapary iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni akademiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatda möhüm ädim boldy.

Iki hepde dowam eden okuw maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary üçin ýörite okuwlar geçirildi.

Jemi 20 sagatlyk okuwlaryň dowamynda iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullary, okuw işinde kommunikatiw çemeleşmeleri ulanmak we mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar döwrebap okuw usullaryny amaly taýdan öwrenmek bilen bir hatarda, daşary ýurt tejribesini öz okuw işlerinde peýdalanmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Saparyň maksatnamasyna diňe bir hünär okuwlary däl, eýsem, türkmen talyplary we jemgyýetçilik wekilleri bilen açyk duşuşyklar hem girizildi. Bu duşuşyklarda Latyn Amerikasy we Demirgazyk Amerika ýurtlarynyň akademiki hem-de ýokary bilim ulgamlarynyň aýratynlyklary, dürli ýurtlaryň bilim edaralarynyň iş tejribesi we halkara akademiki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Meksikaly hünärmeniň Türkmenistanda geçiren okuwlary ýokary bilim ulgamynda halkara tejribäniň peýdalanylmagyna we mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna goşant goşdy. Şeýle hem bu çäreler türkmen ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly alymlar we bilim edaralary bilen göni gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny görkezdi.

Professor Kennet Rihter hem türkmen kärdeşleriniň hünär taýdan kämilleşmäge bolan ýokary gyzyklanmasyna we okuw işlerine işjeň gatnaşmagyna ýokary baha berdi. Ol Türkmenistanda medeni we akademiki dialogy has-da ösdürmek üçin uly gyzyklanmanyň bardygyny belledi.

Meksikanyň Guanahuatо uniwersitetiniň wekili bilen geçirilen okuwlar Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňelýändigini görkezýän nobatdaky mysallaryň biri boldy. Şeýle akademiki alyşmalar täze bilim usullarynyň ornaşdyrylmagyna, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we ýaşlaryň daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmagyna giň mümkinçilik döredýär.