Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýurtda ýaş zehinleriň arasynda geçirilýän bu bäsleşige dürli sebitlerden 120-ä golaý okuwçy gatnaşdy.
Çempionatda 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli mekdep okuwçylary özleriniň çalt hasaplamak we logiki pikirlenmek ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde 24 gatnaşyjy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şeýle-de 5 okuwçy mental arifmetika boýunça täze milli rekordlary goýmagy başardy.
Çempionatyň umumy netijeleri boýunça birinji orny Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 7-nji synp okuwçysy Emrah Şamuradow eýeledi.
Ikinji orun Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ybraýym Kerimowa, üçünji orun bolsa Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kerim Gahrymanowa berildi.
Ýaş toparlarynyň aýratyn ugurlary boýunça ýene-de 21 okuwçy birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy.
Bäsleşigiň baş ýeňijisine hem-de ony «Anzan» mental arifmetika maksatnamasy boýunça taýýarlan mugallyma Wýetnama 7 günlük syýahata gitmek üçin ýörite sertifikatlar gowşuryldy.
Çempionatda üstünlik gazanan gatnaşyjylar we milli rekordlary täzelän ýaşlar hem sylaglanyldy. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar we noutbuklar gowşuryldy. Milli rekordlaryň awtorlary bolan okuwçylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5 günlük dynç alyş üçin şahadatnamalara eýe boldular.
«Anzan» çempionatynyň geçirilmegi ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmäge, mental arifmetika bolan gyzyklanmany artdyrmaga we zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleriň biridir.
Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, şeýle hem «Kämil bilim» we «Zehin ýoly» okuw merkezleri bilelikde guradylar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.