Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada sanly aragatnaşyk» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirilýän okuw saparyna gatnaşýarlar.

17–22-nji awgust aralygynda dowam edýän saparyň esasy maksady sanly özgertmeler, aragatnaşyk tehnologiýalary we döwrebap sanly infrastruktura boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasynda bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybarat.

C4CA taslamasy Finlýandiýanyň Laurea amaly ylymlar uniwersiteti tarapyndan ýurduň Döwlet dolandyryş instituty (HAUS) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynda sanly ösüşi goldamaga we degişli ugurlarda halkara tejribäniň paýlaşylmagyna gönükdirilendir.

Okuw saparynyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew taslamanyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde sanly bilim, ylmy-barlag we tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklarda bilim ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek, sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak we halkara tejribeden peýdalanmak bilen bagly mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň netijesinde C4CA taslamasynyň bir bölegini Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyga gelindi. Bu hyzmatdaşlyk türkmen ýokary okuw mekdebinde sanly özgertmeleri çaltlandyrmaga we Finlýandiýanyň tejribesini öwrenmäge goşmaça mümkinçilik döreder.

Taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm bölegini emele getirýär.