ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iňlis dili mugallymlaryny akademiki ýazuwy öwretmegiň häzirki zaman usullaryna bagyşlanan mugt onlaýn okuw maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Teaching English Academic Writing to Speakers of Other Languages (TEAW) atly okuw ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy bilen amala aşyrylýan Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Maksatnama iňlis dili mugallymlary üçin niýetlenip, okuwçylaryň akademiki ýazuw endiklerini ösdürmäge gönükdirilen amaly usullary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar akademiki tekstiň gurluşyny dogry kesgitlemek, esasy pikiri we tezisleri aýdyň beýan etmek, delilleri ýerlikli ulanmak, giriş hem-de jemleýji bölümleri taýýarlamak ýaly möhüm ugurlar boýunça bilimlerini ösdürerler.

Şeýle hem okuwda ýazuw işleriniň mazmunyny kämilleşdirmek, pikirleri yzygiderli beýan etmek we okuwçylaryň akademiki ýazuw başarnyklaryny ösdürmegiň netijeli usullary bilen tanyşmak göz öňünde tutulýar.

Okuw dolulygyna onlaýn görnüşde geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dürli sebitlerinde işleýän iňlis dili mugallymlaryna okuw sapaklaryna öz ýerlerinden gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

TEAW MOOC okuwyna gatnaşmak isleýän mugallymlar 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryna çenli hasaba alnyp bilnerler.

Okuw iňlis dili mugallymlary üçin akademiki ýazuw boýunça hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we okuwçylara ýazuw endiklerini has netijeli öwretmegiň täze usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýän mugt bilim mümkinçilikleriniň biridir.