Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň rektory ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri, kafedralary, taýýarlyk ugurlary we hünärleri, şeýle hem okuw hem-de ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler barada myhmanlara giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini okuw işine ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär.
Duşuşykda türkmen talyplarydyr mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we döwrebap enjamlar boýunça geçirilýän onlaýn okuwlar barada hem aýdyldy. Şeýle hem uniwersitetiň talyplarynyň Malaýziýadaky «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribeliklerine gatnaşýandyklary bellenildi.
Iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli pugtalandyrylýandygy nygtaldy. 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu resminama taraplaryň ylym-bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek üçin möhüm esaslaryň birine öwrüldi.
Duşuşykda «PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Akmal Niza Ahmad Malaýziýada we Aziýada inženerçilik ugurlary boýunça abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen türkmen ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
Ol ylmy-barlag işlerini bilelikde ösdürmäge, umumy ylmy temalar boýunça barlaglary geçirmäge we taýýarlanan makalalary halkara indekslenýän ylmy žurnallarda çap etmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.
Şeýle hem nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam ugurlary boýunça Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda onlaýn hem-de ýüzbe-ýüz okuwlaryň dowam etdiriljekdigi habar berildi.
Geçirilen duşuşyk türkmen-malaýziýa ylym-bilim gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak, ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek we nebitgaz pudagynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagyň we halkara derejeli bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmegiň ösdürilmegine ýardam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.