
Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi ýokary derejede geçirildi. Bu strategik ähmiýetli mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, doganlyk türk tarapyndan bolsa resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz başlyklyk etdi.
Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz geçirilen bu taryhy mejlisiň netijeleri barada özüniň jemgyýetçilik tory arkaly ýörite habar berdi. Belent mertebeli myhman öz beýanatynda şeýle belledi:
«Dostlukly we doganlyk Türkmenistan bilen bilelikde önümçilik, özara maýa goýumlar hem-de üçünji ýurtlarda umumy taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, diňe bir ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem sebit we dünýä derejesinde uly gymmatlyk döredýän ykdysady hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli pugtalandyrýarys. Hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisinde Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça alnyp barlan we geljekde ýerine ýetirilmeli işleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk».
Mejlisiň ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleýji Teswirnamasyna gol çekildi. Şeýle hem söwda, maýa goýumlar, energetika, ulag-logistika, bilim we senagat ýaly köp sanly ugurlarda amala aşyryljak anyk çäreleri we meýilnamalary öz içine alýan 71 maddalyk Hereket Meýilnamasy kabul edildi. Jewdet Ýylmaz bu taryhy resminamalaryň iki doganlyk ýurduň halklary üçin bähbitli we düşümli bolmagyny arzuw etdi.
Türkiýäniň wise-prezidenti beýanatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we ähli türkmen wekillerine görkezen ýokary derejeli myhmansöýerligi hem-de doganlyk kabulçylygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Keywords