
Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» (Üýtgeşmeleri dolandyrmak: Demografik durnuklylyga barýan ynsanperwer ýollar) atly sebit ministrler maslahaty geçirildi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy.
Maslahatyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan panel bölüminde türkmen wekilýeti ýurduň demografik mümkinçilikler penjiresinden netijeli peýdalanmak boýunça ulgamlaýyn strategiýasyny tanyşdyrdy. Çykyşda adam maýasyny ösdürmegiň diňe bir durmuş däl, eýsem strategik ykdysady meseledigi bellenildi.
Bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmak, zähmet bazarynyň geljekki isleglerini ylmy esasda çaklamak we ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli kadrlary taýýarlamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Esasy üns demografik ýagdaýlaryň ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine we zähmet öndürijiligine edýän täsirine çekildi.
Maslahatda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrýan täzeçil çemeleşmeleri gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistan bu ugurda halkara guramalary, hususan-da BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär. Bu gatnaşyklar demografik foresaýty (geljegi çaklamagy) kämilleşdirmäge we «demografik diwidendden» (ilatynyň agramly böleginiň zähmete ukyply bolmagyndan) maksimum peýda görmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem, çykyşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda demografiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyklar barada durup geçildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň sebitde we dünýäde demografik durnuklylygy üpjün etmek boýunça gepleşik meýdançasyny döretmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek subut edýär.
Keywords