
Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasy öz işini dowam edýär. Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti sebit hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny we häzirki zaman wehimlerine garşy durmagyň milli nusgasyny hödürläp, esasy mejlislerde işjeň çykyş etdi.
Sessiýanyň iň möhüm wakalarynyň biri BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygy boldy. Maslahatyň netijeleri boýunça taraplar “Bilelikdäki beýannama” kabul etdiler.
Duşuşykda esasy üns SPEKA-nyň ösüş konsepsiýasynyň institusional esaslaryna we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin bellenen maksatlara gönükdirildi. Türkmen wekiliýeti 2024-2025-nji ýyllar üçin kabul edilen iş meýilnamasynyň iri infrastruktura taslamalaryna badalga bermekde berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady. Esasy ugurlar hökmünde şular bellenildi:
Bellenmeli zat, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň bu Maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti ESCAP-yň sessiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň howanyň üýtgemegine we çölleşmä garşy göreşmek boýunça ählumumy başlangyçlaryna aýratyn orun berdi.
Türkmen tarapy sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini öňe sürdi. Bu merkeziň ESCAP-yň ýöriteleşdirilen instituty hökmünde esaslandyrylmagy, sebitiň daşky gurşawy goramak baradaky tagallalaryny birleşdirmäge hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge uly goşant bolar.
Türkmenistanyň bu halkara forumyndaky işjeňligi, ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalaryna we inklýuziw ösüşe ygrarly jogapkärli hyzmatdaşdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Sessiýanyň jemleýji çözgüdine görä, Komissiýanyň geljekki — 83-nji sessiýasyny 2027-nji ýylyň 26-30-njy apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirmek meýilleşdirildi.
Keywords