
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak hem-de logistika mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işjeň gepleşikler alnyp barylýar. Bu barada Gruziýa bolan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-gruzin işewürler forumynda eden çykyşynda belledi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki wagtda Türkmenistan Gara deňziň gruzin kenarynda özüniň ýük terminalyny döretmek boýunça degişli gepleşikleri geçirýär. Bu taslama Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşar ulag geçelgeleriniň kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam berer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm taslamany durmuşa geçirmekde hususy pudagyň ornunyň uludygyny nygtady. Ol döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlaryny bu başlangyja işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
«Ulag, logistika, kommunikasiýa we üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmekde biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Biz bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, hususy telekeçileri ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge çekmek we harytlaryň hem-de hyzmatlaryň üstaşar geçişini ýeňilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn belledi.
Bu başlangyç, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli söwda dolanyşygyny artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň halkara üstaşar ulag merkezleri hökmündäki ornuny berkitmäge gönükdirilendir.
Keywords