Türkmenistanyň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde, Türkiýäniň Antalýa şäherinde Halkara atom energiýasy agentliginiň (MAGATE) wekili bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem gatnaşdy. Taraplar bilim, ylym we atom hem-de radiasiýa tehnologiýalaryny parahatçylykly maksatlarda ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
Duşuşykda, ilkinji nobatda, saglygy goraýyş ulgamynda, şeýle hem oba hojalygynda, daşky gurşawy goramakda we suw serişdelerini dolandyrmakda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine üns berildi. Türkmenistanyň wekilleri MAGATE-niň Ýadro energetikasy departamentiniň meýilleşdiriş, maglumat we bilimleri dolandyrmak bölüminiň direktory Wei Huang bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik başlangyçlary esasynda ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada durup geçdi. Şunda döwrebap lukmançylyk infrastrukturasyny ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige we tejribä ornaşdyrmak, şeýle hem innowasion tehnologiýalary netijeli ulanyp bilýän milli hünärmenleri taýýarlamak meseleleriniň ähmiýeti bellenildi.
Bu ugurda alnyp barylýan işleriň mysaly hökmünde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda açylan 500 orunlyk Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezi görkezildi. Merkez pozitron-emission we bir fotonly emission kompýuter tomografiýasynyň döwrebap enjamlary, ýokary takyklykly şöhle bilen bejermek, radiosirurgiýa hem-de radiofarmasewtika tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Bu mümkinçilikler onkologik keselleri irki döwürde ýüze çykarmaga we bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şeýle-de täze tehnologiýalar bilen işlemek üçin lukmanlaryň hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplary artdyrýar.
Duşuşykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde şöhle diagnostikasy, şöhle terapiýasy we onkologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenildi. Uniwersitetde degişli kafedralaryň işi, kliniki ordinatorlaryň okuwlary we işleýän lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler alnyp barylýar. Döwrebap ylmy-kliniki merkezleriň ösdürilmegi lukmançylyk bilimi, ylmy barlaglar we kliniki tejribe arasynda özara baglanyşygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň 2016-njy ýyldan bäri MAGATE-niň agzasy hökmünde radiasiýa howpsuzlygy, onkologik keselleri anyklamak we bejermek, hünärmenleri taýýarlamak hem-de degişli infrastruktura ösdürmek ugurlarynda Agentlik bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýändigi nygtaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda öňe süren «Atoms for LLDCs» («Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin atom energiýasy») atly halkara başlangyjynyň ähmiýetine garaldy. Awaza hereketler maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bu başlangyç deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň atom ylmynyň parahatçylykly gazananlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Öz gezeginde MAGATE-niň wekili Agentligiň agza ýurtlarda bilim ulgamyny we işgärler kuwwatyny ösdürmek boýunça hödürläp biljek mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Şolaryň hatarynda ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary, halkara tejribelikler, bilermenler toparlarynyň saparlary, ýadro bilimlerini dolandyrmak boýunça maksatnamalar, sanly bilim çeşmeleri, şeýle hem uniwersitetleriň we ylmy merkezleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk bar.
MAGATE-niň ýadro lukmançylygy, lukmançylyk fizikasy, şöhle terapiýasy we radiasiýa goragy ugurlarynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalary, şol sanda «Rays of Hope» («Umyt şöhleleri») başlangyjynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen hünärmenleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmäge, ylmy-bilim tejribesini alyşmaga we bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.