14–16-njy oktýabr aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda Gazagystanyň ulag hepdeliginiň çäklerinde «TransLogistica Kazakhstan 2026» atly 29-njy halkara sergi geçirilýär. «Ulag we logistika» mowzugyna bagyşlanan bu halkara çärede Türkmenistan hem öz ulag-logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini tanyşdyrýar.
Türkmenistan sebitde döwrebap multimodal ulag geçelgelerini ösdürmäge, halkara ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de Merkezi Aziýanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden has giň peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär.
«TransLogistica Kazakhstan» sergisi Merkezi Aziýada ulag, ammar we logistika hyzmatlarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan möhüm pudaklaýyn meýdançalaryň biri hökmünde tanalýar. Ol halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we ulag ulgamyndaky öňdebaryjy çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär.
Şu ýylky sergä Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Günorta Kawkaz ýurtlaryndan 200-den gowrak ýöriteleşdirilen kompaniýanyň hem-de wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Serginiň çäklerinde gämi eýeleri, konteýner we wagon parklarynyň operatorlary, terminallaryň hem-de logistika merkezleriniň wekilleri bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertler döredilýär. Şeýle duşuşyklar ýük daşamalaryny has netijeli guramaga, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we uzak möhletleýin, ygtybarly logistika zynjyrlaryny kemala getirmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň bu halkara sergä gatnaşmagy ýurduň ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini halkara hünärmenlerine tanyşdyrmaga, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de halkara üstaşyr ýük daşamalaryndaky ornuny has-da berkitmäge gönükdirilendir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.