Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň halkara inženerçilik we maslahat beriş kompaniýasy AECOM-yň sebit wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň esasy temasy Merkezi Aziýada ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin niýetlenen TCTR maksatnamasynyň çäklerinde port logistikasyny döwrebaplaşdyrmak we Ýewraziýa üstaşyr ulag ugurlaryny ösdürmek bilen bagly boldy.
AECOM kompaniýasynyň wekilleri halkara maliýe institutlarynyň, şol sanda Yslam ösüş bankynyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça tekliplerini hödürlediler. Bu serişdeleri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak taslamalaryny maliýeleşdirmäge, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Ýeke-täk deňiz penjiresi» atly sanly ulgamy ornaşdyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň port infrastrukturasyny Ýewraziýanyň multimodal ulag ugurlaryna, şol sanda Orta geçelgä birleşdirmek meselelerine hem garaldy.
Saparyň çäklerinde AECOM kompaniýasynyň bilermenleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň önümçilik we tehniki mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdylar. Şeýle-de olar 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara ulag forumyna gatnaşmaga çagyryldylar.
Bu duşuşyk gämi gurluşygy pudagyna maýa goýumlaryny çekmek, port hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.