
2026-njy ýylyň başyndan bäri Merkezi Aziýa sebitinde ulag-üstaşar gatnawlarynyň depginli ösüşi bellenilýär. Pudaklaýyn statistika maglumatlaryna görä, Gazagystan bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky demir ýol ýük daşamalarynyň umumy möçberi 34 göterim ýokarlandy. Bu barada pudaklaýyn statistika maglumatlaryna salgylanyp, «Kazinform» habar berýär. Bu görkezijileriň çäginde Türkmenistan bilen amala aşyrylýan gatnawlaryň 31 göterim artmagy aýratyn ünsüni çekýär.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu ep-esli ösüş diňe bir ýüküň mukdarynyň artmagy bilen däl, eýsem ulag ulgamynda ornaşdyrylýan täzeçil çözgütler bilen hem baglanyşyklydyr. Esasy ösüş faktory hökmünde aşakdakylar görkezilýär:
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky demir ýol gatnawlarynyň artmagy, diňe bir iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny däl, eýsem Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýetini hem berkitmäge hyzmat edýär. Bu bolsa öz gezeginde sebitdäki söwda dolanşygynyň we üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdarynyň mundan beýläk-de köpelmegine itergi berýär.
Keywords