Türkmenistanyň wekiliýeti Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde geçirilýän 9-njy Bütindünýä «Ýeke-täk saglyk» kongresine gatnaşýar. 4–7-nji sentýabr aralygynda geçirilýän halkara forumda dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar, hünärmenler we döwlet edaralarynyň wekilleri bir ýere jemlenýär.
Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy, «Ýeke-täk saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça milli utgaşdyryjy Arslan Soltanmyradow degişli sessiýada çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň biologik we ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tejribesini halkara hünärmenleriniň dykgatyna ýetirdi.
«Ýeke-täk saglyk» (One Health) çemeleşmesi adam, haýwan we daşky gurşawyň saglygynyň biri-biri bilen berk baglanyşyklydygyny nazara alýar. Şoňa görä-de, ýokanç keselleriň öňüni almak, haýwanlardan adamlara geçip bilýän keselleri ýüze çykarmak we ekologik töwekgelçilikleri azaltmak ýaly ugurlarda lukmançylyk, weterinariýa, ekologiýa we oba hojalygy pudaklarynyň bilelikde hereket etmegi möhüm hasaplanýar.
Bu ulgamda pudagara maglumat alyş-çalşynyň we gözegçiligiň ösdürilmegi howply ýokançlaryň irki döwürde ýüze çykarylmagyna, antibiotiklere durnuklylygyň ýaýramagynyň öňüni almaga hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň halkara kongresde milli tejribesini tanyşdyrmagy ýurduň biologik howpsuzlyk we weterinariýa gözegçiligi ulgamyndaky çemeleşmelerini halkara tejribesi bilen utgaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Ýeke-täk saglyk» ýörelgesiniň ösdürilmegi ilatyň saglygyny goramak bilen bir hatarda haýwanlaryň abadançylygyny we tebigy ekoulgamlaryň durnuklylygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň töwekgelçiliklere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hem ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň wekilleriniň Lissabondaky forumdaky çykyşy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pudagara gatnaşyklary has-da berkitmek üçin tejribe alyşmaga täze mümkinçilikleri döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.