
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän adamlary, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlary hasaba almagyň, olaryň hasaba alynmagynyň möhletini uzaltmagyň we olaryň hasabatyny ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda 128-nji belgili buýrugy çykardy.
Täze tertibe görä, Türkmenistana gelеn adamlar migrasiýa gullugynyň edaralarynda üç iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) olaryň bolýan ýa-da ýaşaýan ýerleri boýunça degişlilikde hasaba durmaga borçludyrlar. Hasaba alyş bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama, bosgun şahsyýetnamasy, goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama, goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnama, Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen adamlary bellenen tertipde wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda ýerleşdirilmegi we olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy bilen bagly meseleleriň çözülmegi, wagtlaýyn gorag berlen adamyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnama boýunça amala aşyrylýar.
Täze tertip Türkmenistanyň 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Bosgunlar hakynda» Kanunyna laýyklykda işlenip düzüldi we ýurtdaky migrasiýa hasabat ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Doly maglumaty Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.
Keywords