2026-njy ýylda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni 8-nji mart, ýekşenbe gününe düşýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, resmi baýram güni ýekşenbe gününiň üstüne düşen ýagdaýynda, dynç güni ondan gelýän indiki iş gününe — duşenbe gününe geçirilýär.

Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna görä, 8-nji mart — Halkara zenanlar güni resmi baýramçylyk güni bolup, şol gün kärhanalarda, guramalarda we edaralarda iş duruzylýar.

Şunlukda, ýurduň ýaşaýjylary yzygiderli iki gün dynç alarlar:

  • 8-nji mart, ýekşenbe;
  • 9-nji mart, duşenbe.

Iş hepdesi bolsa sişenbe güni, 10-njy martda başlanar.

2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasy:

  • 40 sagatlyk iş hepdesi üçin — 166,9 sagat;
  • 36 sagatlyk iş hepdesi üçin — 150,5 sagat.

2026-njy ýylda dynç güni diýlip ylan edilen baýramçylyk günleri:

  • 1-nji ýanwar – Täze ýyl;
  • 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
  • 20-nji mart – Oraza baýramy;
  • 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;
  • 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
  • 27, 28, 29-njy maý – Gurban baýramy;
  • 27-nji sentýabr – Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr – Hatyra güni;
  • 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.