Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýän Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzda Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň eçilýän bol hasylynyň şanyna bellenilýär. Şu ýyl baýramçylyk dabaralary 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçiriler.

Baýramçylyk mynasybetli paýtagtda we welaýatlarda dürli dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlyk işleri dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine talabalaýyk taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hasyl toýy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ekerançylaryň yhlasly zähmetini we bereketli hasylyň baýramyny dabaralandyrýan möhüm baýramlaryň biridir.