
Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar, şol sanda kriptowalýuta ulgamy üçin döwrebap maglumatlary işläp taýýarlaýjy merkezleri (ЦОД) döretmek boýunça halkara kompaniýalar bilen deslapky gepleşikleri geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow paýtagtymyzda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahatda çykyş edip, mälim etdi.
Energetika ministri öz çykyşynda ýurdumyzyň dünýäniň tehnologik ösüşlerine işjeň goşulýandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurtda kriptowalýuta maýningini hem-de kriptobiržalaryň işini kanunlaşdyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Häzirki wagtda bolsa, bu ugurdaky meýilnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy halkara kompaniýalary bilen ýokary tehnologik merkezleri gurmagyň şertleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ministriň bellemegine görä, geljekde şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini has netijeli peýdalanmaga we milli durnukly energiýa ulgamyny sanly ykdysadyýete üstünlikli utgaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Şunuň bilen baglylykda, A.Saparow daşary ýurtly hyzmatdaşlary paýtagtymyzda energetika we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.
Ýatlap geçsek, dünýäniň 55 ýurdundan wekilleri ýygnan «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahat 24-25-nji maý günlerinde geçirildi. Aşgabat şäheriniň gurlan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan bu foruma «Türkmen Energiýa Forum» (TEF) kompaniýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Gurluşyk hem-de binagärlik ministrlikleri we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni guramaçylyk etdi.
Keywords