Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 17 sany söwda geleşigi hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 7 million 80 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümçilik desgalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna ýüpek pagta süýümi, pagta süýümi, nah ýüplük, tekiz reňklenen we žakkard görnüşli tüýjümek önümler hem-de bugdaý uny ýerlenildi. Bu önümleri Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri satyn aldylar.
Geçirilen söwdalar Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň giňelýändigini we milli önüm öndürijileriň daşary ýurt bazarlary bilen söwda gatnaşyklarynyň dowam etdirilýändigini görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.