«Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri «Garagum Ulag» 0–15 ýaş aralygyndaky çagalary «Toyota Dream Car Art Contest 2027» atly 20-nji halkara çagalar surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşýan ýaş suratkeşler geljegiň awtoulagyny öz hyýallaryna görä şekillendirip bilerler. Olar döretjek ulagynyň nähili boljakdygyny, haýsy peýdaly aýratynlyklara eýe boljakdygyny we adamlaryň durmuşyny nädip ýeňilleşdirip biljekdigini surat arkaly beýan etmelidirler.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy noýabryna çenli dowam eder. Gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä üç topara bölüner:

  • 0–7 ýaş aralygy;

  • 8–11 ýaş aralygy;

  • 12–15 ýaş aralygy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin çagalar A3 ýa-da A4 ölçegli kagyzda arzuwyndaky awtoulagyň suratyny çekmeli. Surat fonuny hem goşmak bilen doly reňklenmelidir. Diňe ak-gara görnüşde ýerine ýetirilen işler kabul edilmeýär. Şeýle-de gatnaşyjy awtoulagynyň adyny we onuň ideýasy barada gysgaça düşündiriş ýazmaly hem-de ýörite gatnaşyjy anketasyny doldurmaly.

Surat çekmekde galam, flomaster, reňk, pastel, kollaj, aplikassiýa ýa-da kompýuter grafikasyny ulanmak bolýar. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen we başga işlerden göçürilen suratlar bäsleşige kabul edilmeýär.

Taýýar işler doldurylan anketa bilen bilelikde «Toyota Garagum Ulag» diler merkezine tabşyrylmalydyr.

2026-njy ýylyň 10–25-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda her bir ýaş topary boýunça bir ýeňiji kesgitlener. Şeýlelikde, bäsleşigiň milli tapgyrynda jemi üç ýeňijiniň ady yglan ediler.

Bäsleşik barada goşmaça maglumat almak we işleri tabşyrmak üçin «Toyota Garagum Ulag» diler merkezine ýüz tutup ýa-da +993 65 11 37 74 telefon belgisine jaň edip bolýar.

Bäsleşik çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, olaryň geljekki ulaglar baradaky pikirlerini we täzeçillik garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik döredýär.