
«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işjeň daşary syýasaty, Milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, institutyň durmuşy baradaky wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem-de «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi bilen tanşyp bilerler.
«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 09:00-da başlaýar.
Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde we 8-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda. Salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Telefon belgisi: 26-61-13.
Balkan welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň 11-nji jaýy.
Telefon belgisi: (+993 222) 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26.
Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy.
Telefon belgisi: (+993 322) 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.
Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda. Salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesiniň 7-nji jaýy.
Telefon belgisi: (+993 422) 3-25-50, 3-04-18.
Mary welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda. Salgysy: Mary ş., Baýram han köçesiniň 62-nji jaýy.
Telefon belgisi: (+993 564) 5-75-02.
Giňişleýin maglumat üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm
Keywords