
Türkmenistanyň Mejlisiniň we degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan wekilhanasy 2026-njy ýylyň 5–21-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak boýunça toplanyň tejribesi bilen tanyşdy. Bu barada milli parlamentin metbugat gullugy habar berdi.
Hytaýyň Söwda ministrligi tarapyndan guralan bu okuw seminary Hytaýyň Pekin, Fusin we Fuçžou şäherlerinde geçirildi. Çäräniň esasy merkezi edarasy hökmünde Pekindäki Halkara biznes we ykdysadyýet uniwersiteti saýlanyp alyndy.
Sapar tarapyndan öňde goýlan esasy maksatlar aşakdakylardan ybarat boldy:
Doly mazmunly maksatnamanyň çäginde türkmen wekillerine Hytaýyň BSG-ä goşulyşmak we guramanyň çäginde milli bähbitleri gorap saklamak boýunça toplan tejribesi, şeýle hem erkin ykdysady zolaklary dolandyrmagyň döwrebap usullary giňişleýin düşündirildi.
Duşuşyklaryň dowamynda taraplar aşakdaky ugurlara aýratyn üns berdiler:
Bellenilişi ýaly, Hytaýyň tejribesini öwrenmek Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmäge, BSG-ä goşulyşmak işiniň çäginde kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge hem-de ýurtda ykdysady özgertmeleri öňe ilerletmäge ýardam berer.
Keywords