1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmek ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde oka maga isleg bildirilen, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlanan ýylda 14-15 ýaşyny dolduran, lukmançylyk barlagyndan geçen, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.
  2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olar-da okuwçylaryň okuw we harby terbiýçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyryk gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşykly alnyp barylýar.
  3. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirilen okuwçylar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliniň adyna arza ýazýarlar. Arzyň ýanyna şu resmi maglumatlar goşulýar:
  1. ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul edilmegi barada harby wekiliniň adyna ýazan arza (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralaryndan berlen maglumat haty bolmaly);
  2. ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýeti tassyklýan resminamasynyň nusgasy;
  3. bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjime hali;
  4. dogluş hakynda şahadatnamanyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;
  5. okaýan orta mekdebiň 8-nji synpyndaky ýetşik barada resminama (1, 2, 3 çärýeklerden göçürme);
  6. 6 sany 3x4; 4 sany 4x6; 2 sany 9x12 santimetr ölçeglerde ýerli harby wekilik tarapyndan tassyklanan fotosurat;
  7. okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
  8. okaýan orta mekdebindäki şahsy işiň mekdep müdiriň möhri bilen tassyklanan nusgasy;
  9. ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga laýyklygyny kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýerleri boýunça inçe kesel we deri-wenerologiýa hyzmatlaryndan hem-de neşe keselli, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň laýykdygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilen degişli kepilnama;
  10. keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasy) göçürmesi;
  11. ýaşaýan ýeri we maşgalasy baradaky kepilnama;
  12. eger dalaşgäriň ata-enesiniň öleni bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamanyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.

4. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirilen dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasy çäklerinde dersler boýunça test işlerini ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

5. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýa-da otag), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olar günde dört wagtyna nahar berilýär.