
Zebo Babajanowa: Zenanlaryň iň söýgüli ýeri hasaplanýan aşhananyň hem ýüregi bar. Aşhanada zerur bolan, hem onuň gelşigi hasaplanýan, islendik nygmaty taýýar görnüşe getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýan aşhana enjamlaryna häzirki zaman jemgyýeti tarapyndan uly üns berilýär. Sebäbi biziň günlerimizde aşhanany döwrebap enjamsyz göz öňüne getirmek kynrak. Döwrüň tehnologik mümkinçilikleri bolsa, enjamlaryň dürli-dürli amallary ýerine ýetirýändigi bilen tapawutlanýar. Her bir aşhana enjamy bir däl, eýsem, birnäçe amallary ýerine ýetirmäge gönükdirilen bolup, tagamlaryň tiz we göwnejaý taýýarlanylmagyny üpjün edýär.
Halklaryň arasynda naharlaryň düzümi, taýýarlanyş aýratynlyklary dürli-dürli bolmak bilen, onda aşhana enjamlaryna düşýän paý hem uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazar ykdysadyýetine ynamly geçýän ýurdumyzda beýleki zerurlyklar bilen bir hatarda kämil aşhana enjamlarynyň hem ýüzlerçe görnüşlerini elýeterli bahadan tapmak bolýar. Köpden bäri halkymyzyň içinde ýokary hilli aşhana enjamlary bilen giňden tanalýan «Pimak» dükany hereket edýär. Bu dükan Türkiýäniň «Pimak» brendiniň ýurdumyzdaky resmi dileri we paýlaýjysy bolup hyzmat edýär.
Paýtagtymyzda ýerleşýän bu dükanda edara-kärhanalaryň, mekdepdir çagalar baglarynyň, kafeleriň, restoranlaryň we myhmanhanalaryň aşhanalary üçin niýetlenen uly göwrümli enjamlar bar. Oňa döner enjamlaryny, grill peçlerini, senagat plitalaryny we beýleki kämil aşhana enjamlaryny agzamak bolar.
«Pimak» kompaniýasynyň taryhy ýoly barada gysgaça aýdanymyzda, ol 1993-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde döredilýär. «PIMAK Profesional Mutfak» brendi şu günki günde senagat naharhana enjamlaryny öndürmäge niýetlenen kompaniýa hökmünde dünýäniň 45-den gowrak ýurtlaryna önümlerini eksport edýär. Ýurdumyzda ulanmaga berilýän edara-kärhanalaryň, mekdepdir çagalar baglarynyň, restoranlaryň, myhmanhanalaryň, kafeleriň naharhanalary döwrebap tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Dünýä bazarlarynda öndürilýän iň soňky enjamlaryň ähli görnüşleri önümçilige giňden ornaşdyrylýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sebitleri we mümkinçilikleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda barha giňeýär. Daşary ýurtly we ýerli öndürijileriň öňde baryjy enjamlary yzygiderli isleg bildirilýän taraplara resmi dilerler, telekeçileriň üsti bilen halkymyza yzygiderli elýeterli edilýär. Ýakynlarda Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinde üstünlikli gatnaşan «PIMAK Profesional Mutfak» kompaniýasynyň enjamlary köpdürliligi we ýerine ýetirýän amallarynyň aýratynlygy bilen sergä gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.
Keywords