Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak esasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Prezident Donald Trampa berk jan saglyk we rowaçlyk, ABŞ-nyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bilen gutlady
1 min okamak706

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň halkyny we Prezidentini şanly sene bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny bildirdi.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.