
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul ş.) Baş konsullygynyň edara binasynda Baş konsul Ö.Jumanazarowyň Stambulyň Gubernatory Dawut Gül bilen duşuşygy gecirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostluk, hormat we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly myhmany Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy hem-de oňa sowgat berildi.
Keywords