
Şeýlelikde, şu aşakdaky täze etraplar döredildi:
Resminama laýyklykda, täze döredilen etraplaryň häkimlikleri hem resmi taýdan işe girizilýär.
Täze häkimlikleriň işini doly ýola goýmak maksady bilen, degişli welaýatlaryň häkimliklerine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde täze häkimlikleriň gurluşlaýyn taslamalaryny we işgär sany boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Bu teklipler Ministrler Kabinetine hödürlenmelidir.
Bu çözgüt, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Täze etraplaryň döredilmegi ýerlerde ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, döwlet dolandyryş ulgamynyň has netijeli işlemegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm ädimdir.
Keywords