
Türkmenistanyň judo boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy 25–27-nji aprel aralygynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda geçirilecek Aziýa çempionatyna gatnaşar.
Halkara Dzýudo Federasiýasynyň resmi saýty bolan ijf.org-yň habar bermegine görä, şu wagta çenli Aziýanyň 30 ýurdundan jemi 295 judoçy bu ýaryşa gatnaşmak üçin hasaba alyndy.
Türkmenistanyň toparynyň düzüminde 18 türgen bar. Biziň dzýudoçylarymyza üstünlik arzuw edýäris!
Türkmenistanyň Aziýa çempionaty — 2025-nji ýyl üçin ýygyndysynyň düzümine (ijf.org maglumatyna görä):
Erkekler:
60 kg: RAMAZANOW Mekan, ÝAZGYLYÇOW Dowran
66 kg: RAHIMOW Serdar, MYRADOW Toyly
73 kg: ŞAMURADOW Meýlis
81 kg: AÝHANOW Agajan
90 kg: SOÝUNJOW Ylham, AÇYLDYYEW Mämmetaly
100 kg: MAJANOW Baýmyrat
Aýallar:
48 kg: KURBANOWA Kurbanay, GELDIÝEWA Leýli
52 kg: NURITDINOWA Maýa, TAGANOWA Jeren
57 kg: PARDAÝEWA Maýsa, ORAZNYÝAZOWA Medine
63 kg: DAŞKINOWA Zülhümär, NARYMANOWA Nasiba
70 kg: MURADOWA Ýyldyz