Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleri Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy Ýuji Hara bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, göni howa gatnawyny ýola goýmak hem-de syýahatçylyk pudagynda göni işewür gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Atadurdy Baýramow Ýuji Harany täze wezipesi bilen gutlap, oňa üstünlik arzuw etdi. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň JATA bilen hyzmatdaşlygy 2013-nji ýylda Tokioda geçirilen JATA Travel Showcase halkara syýahatçylyk sergisinden bäri dowam edýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berýän wakalaryň biri hem 2025-nji ýylda Osakada geçirilen EXPO 2025 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň medeni we syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstünlikli tanyşdyrylmagy boldy.
Gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri Aşgabat bilen Tokionyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak mümkinçiligine bagyşlandy. Mundan başga-da, türkmen we ýapon syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplaryň bellemegine görä, göni howa gatnawynyň açylmagy Ýaponiýadan Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna oňyn täsir edip biler. Ýapon syýahatçylary üçin çylşyrymly üstaşyr gatnawlaryň bolmazlygy syýahat ugruny saýlamakda möhüm şertleriň biri hasaplanýar.
Şeýle hem Ýaponiýada Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ýadygärliklerine we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen medeni miras desgalaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň medeni-taryhy syýahatçylyk ugrunda öz ornuny has-da pugtalandyrmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.