«MIR 24» habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýerleşýän kagyz öndürýän kärhanasy GDA döwletleriniň we goşny ýurtlaryň bazarlarynda öz eýeleýän ornuny barha berkidýär. Kärhanada öndürilýän A3 we A4 görnüşli ofis kagyzlary, şeýle hem mekdep okuw kitaplary üçin niýetlenen ýokary hilli önümler Azerbaýjana, Ermenistana, Eýrana we Özbegistana eksport edilýär. Geljekde bolsa Gruziýanyň we Gyrgyzystanyň bazarlaryna çykmak meýilleşdirilýär.
Kärhananyň ýolbaşçysy Döwletmyrat Allaýewiň bellemegine görä, bu ýerde 125 töweregi adam zähmet çekip, aýlyk önümçilik kuwwaty 1 müň 200 tonna (gündelik takmynan 60 tonna) ýetirildi. Ýakyn wagtda gije-gündizleýin önümçiligi gündelik 100 tonna, aýda bolsa 3 000 tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alynýan ýokary hilli sellýuloza çig maly esasynda öndürilýän bu kagyzlar berkligi, aklygy we neşir syýasyny siňdiriş hili bilen tapawutlanýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.